tm
Diwara häsiýetgazandyrýanboýag
Biz barada

“Töwerek” Hojalyk jemgyýeti “Trend” boýaglaryny hödürleýär.

2005-nji ýylda döredilen “Töwerek” hojalyk jemgyýeti gurluşyk harytlary we önümçilik boýunça 15 ýyllyk abraýly iş tejribesine esaslanyp, “Trend” haryt nyşanly içeri we daşary üçin niýetlenilen diwar boýaglaryny hödürleýär. Önümler Germaniýanyň önümçilik usuly we tehnologiýalary bilen öndürilip, hil taýdan Ýewropa standartlaryna gabat gelýär. Geçirilen labaratoriýa barlaglarynyň netijesi, “Trend” boýaglarynyň hilini uzak möhlet çydamlylygy, ekologiýa taýdan arassalygy, adam saglygyna zyýansyzlygy bilen kepillendirýär.

“Ýokary hilli, öňdebaryjy we döwrebap” häsiýeti bilen alyjylaryň söýgüsini gazanmaga dowam edýän “Trend” boýaglarynyň önümçilikde durnuklylygy bolsa ýaş we işine ussat hünärmenleriň halkara tejribeleri bilen berkidilýär.

“Trend” Türkmenistanyň çäginde eýe bolan uly abraýyny daşary ýurtlara hem gönikdirmek ugrunda ençeme taslamalary alyp barýar. Geçirilen market barlaglarynyň netijesinde önümlerimiziň hili we elýeterliligi bilen sebitde tapawutlanýar. Ýakyn günlerde “Trend” öz önümlerini eksport etmek arkaly, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyna hem goşant goşmagy maksat edinýär.

Boýag önümçiliginde dünýäniň iň öňdebaryjy önümçilik kärhanalary bilen tejribe hyzmatdaşlygyny ýola goýmak arkaly önümçilik görnüşlerimizi has hem artdyrmak we önümlerimiziň hilini yzygiderli ýokarlandyrmak biziň esasy wezipämiz.

Kompaniýamyz

2005-nji ýylda döredilen “TÖWEREK” HJ köp görnüşli biznes ugurlarynda öz liderligini goraýar. Kärhanamyz boýag öndürmek, gozgalmaýan emläk we ätiýaçlandyryş hyzmatlary, nebit gaz önümleri we önümçilik desgalarynyň hyzmatlary, haly önümçiligi we beýleki ýerli we halkara iş görnüşleri bilen meşgullanýar. “TÖWEREK” HJ ýokary önümçilik standartlaryny goramak strategiýasyny we işine ussat hünärmenleriň topary bilen işleşmek arkaly durmuşa geçirýär .

Kärhanamyz Türkmenistanda iň köp haly önümlerini öndürýän Abadan Haly Zawody AGPJ-niň hem paýdary bolup çykyş edýär.

Alyp barýan işlerimiziň ählisinde biznesiň iň ýokary ahlak kadalaryna we dogruçyl iş ýöretmek düzgünlerine eýerýäris.

Önümçilik we hyzmat sektorynda ýokary standarta eýe bolmagymyzyň altyn açary bolsa ýurdumyzyň içinde we halkara derejede hyzmatdaşlyk saklaýan taraplarymyz bilen dogry strategiýalary we taslamalary durmuşa geçirmegimize bagly.

Habarlaşmak
Salgymyz:

"Telekçi" Söwda Merkezi

157 A, Nyýazow şaýoly, Aşgabat, Türkmenistan

Telefon:

+993 (12) 95 28 31

E-mail:

info@trendpaint.com